Инструкция газовая плитка Gefest ПГЭ 910-01

11 PLITA TEHNIKI HYZMAT ETMEK (стр. 131 из 164)

Бренд: Gefest

Страница 131 документа Газовая плитка Gefest ПГЭ 910-01. Раздел: Настольные газовые плиты. Бренд: Gefest.

Текст страницы

11 PLITA TEHNIKI HYZMAT ETMEK

 Plita tehniki hyzmat etmek sebitdäki hereket edýän Düzgünlere laýyklykda

ýgtyýarly edaralaryň spesialistleri tarapyndan ýerine ýetirilýär.
 Plitanyň ulanyş möhleti – 10 ýyl, bu möhlet dolandan soň gündeki durmuşda

ulanylýan gaz enjamlaryn gözegçilik edýän edara, plitanyň soňraky ulanyşa
ýarawly möhletini kesgitlemek ýa-da ony çalyşmaklygyň zerurdygyny bilmek üçin
ýüz tutmaly.
 Belarus Respublikasynyň çäginde, normatiw hyzmat möhleti gutaran, iýmiti

taýýarlamak üçin niýetlenen gaz we gaz-elektrik öý gurallaryň tehniki ýagdaýynyň
diagnostikasyna hereket edýän düzgün we kadalara laýyklykda, indiki ahyrky
ulanmaklygynyň möhleti 10 ýyldan artyk bolmaly däl.

12 GÖÇÜRMEK WE SAKLAMAK

 Stoly zawod gaplamasynda onda görkezilen manipulýasiýa alamatlarynyň

talaplaryna laýyklykda göçürilmelidir.
 Göçürilýän transport we saklawhana stoly atmosfera ygalyndan we mehaniki

zeperlerden goramaklygy üpjün etmeli.
 Stollar gaplanan görnüşinde jaýda saklanylmaly. ПГ 900 plitalar üçin jaýdaky

temperatura minus 50 0С –den plýus 40 0С çenli bolmaly. ПГЭ 910 plitalar üçin
bolsa - plýus 5 0С –den plýus 40 0С çenli bolmaly.

13 UTILIZASIÝA

 Eger-de Siz köne plitany çalyşmak isleseňiz, onda elektro enjamlara gözegçilik

edýän edara utilizasiýanyň tertibini düşünmek üçin ýüz tutmak zerurdyr.
 Eger-de stol zibilhana taşlanyp, onda ol çagalaryň eline düşse ol betbagtçylykly

hadysa getir biljekdigini ýatdan çykarmaň. Ony maksimal howpsuz etmek üçin
alada ediň. Iýmitlendiriji şnury kesiň we bar bolan elektro uzellerini aýyryň
(konforka, geçiriji we ş.m.).

14 ÖNDÜRÜJINIŇ KEPILLIGI
Bu kepillik borçnamalary kanun tarapyndan tassyklanan ulanyjynyň hukuklaryny
çäklendirmeýär
 Kepillendirilen kartasy ulanyş boýunça gollanmasynyň aýrylmaz bölegidir.
 Guralyň öndürilen senesi kepillendirilen kartda (“guralyň öndürilen senesi” grafasynda)

we guralyň korpusyna ýelmenen tabliçkanyň aşaky setirinde görkezilen. Senäni
aýdyňlaşdyrma: 2 sany belgi – öndürilen aýy, 4 sany belgi – öndürilen ýyly.
 Guralyň kabul etmesi barada maglumat kepillendirilen kartda görkezilen.
 Desgalary ulanma garantiýa möhleti – söwda ulgamy arkaly satyn alma gününden

2 ýyldyr; eger ulanyş gollanmasynda ýa-da garantiýa kartasynda satuw barada
belligi ýok bolsa, onda öndürilme gününden, umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýa-da
başga umumy ulanyş ýerlerinde oturdylan desgalary daşary.
 Umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýa-da başga umumy ulanyş ýerlerinde oturdylan

desgalaryň garantiýa möhleti – satuw gününden bäri 6 aýdyr; eger ulanyş
gollanmasynda ýa-da garantiýa kartasynda satuw barada belligi ýok bolsa, onda
öndürilme gününden.

129

Бытовая техника / Техника для кухни / Плиты, СВЧ и печи / Настольные электрические плиты

Aceline CS-010g

8 стр.
Бытовая техника / Техника для кухни / Плиты, СВЧ и печи / Настольные электрические плиты

Aceline CS-020b

12 стр.