Текст страницы
6 IŞE TAÝÝARLYK
6.1 GURNAMA
Desga gaz plitalary oturtma, birikdirme we üpjün etme haklara eýe bolan edaralaryň
ökde hünärli işgärleri tarapyndan birikdirilmeli.
WAJYP: ENJAMY TÜSSEÇYKARA BIRIKDIRMELI DÄLDIR. ENJAM ULANYŞ
KITAPÇASYNDA BERLEN GÖRKEZMELERE LAÝYKLYKDA SIZIŇ SEBITIŇIZDE
HEREKET EDÝÄN HOWPSUZLYK TALAPLARYNY WE TEHNIKI ULANYŞ
DÜZGÜNLERINI BERJAÝ ETMEK BILEN GURNALMALYDYR. JAÝLARYŇ
ŞEMALLATMASY BOÝUNÇA ÇÄRELERE ÜNS BERMELIDIR.
Plitany aşhana mebeliniň laklanan gatlagydna ýa-da tiz ot düşýän materiallary
bolan gatlaklara (material, klýonka, kagyz we ş.m.) gurnamak gadagan. Plitanyň
ýanynda duran mebel şeýle hem aşhana süpürgiji, tutlar we ş.m. zatlar ot düşmezlik
üçin howsuz aralykda goýulan bolmaly.
Plita bilen yzky diwaryň arasy 60 mm az bolmaly däl. Plitanyň gapdalky
gyrasyndan mebeliň gapdalky werikal diwarlaryna (sag ýa-da çep) çenli
minimal arasy – 200 mm. Plitanyň stoly bilen ýokardan asylýan asma şkafyň
minimal arasy – 800 mm bolmaly. Plitanyň stoly bilen sorujynyň minmal arasy –
700 mm bolmaly.
Tekizlemek
Birikdirmezden öň, sazlanýan aýajyklary ulanyp plitany gorizontal goýmaly.
Gorizontal gönüligini dereje ýa-da sajyň kömegi bilen bilip bolýar, onda ýag bir
gyra üýşmän tekiz ýaýramaly.
6.2 BIRIKDIRME
Birikdirmezden öň, ýerli birikdirmegiň şertleriniň (görnüş we gaz basyşy) plitanyň
gurnamasyna gabat gelýändigini barlamaly.
Enjamyň sazlaýyş häsiýetnamalary belgilemede görkezilendir.
Plitany gaz balonyna birikdirilende gaz basyşyny sazlaýjyny ulanmak zerur.
ГОСТ 15860-84 boýunça onuň laýyk gelýän basyşy sazlaýja ГОСТ 21805-94
boýunça, 5 l; 12 l; 27 l we 50 l göwrümli gaz ballonlaryny ulanmak maslahat
berilýär.
Basyşy sazlaýjy we ballon topluma girmeýär we olar aýratyn satyn alynýar.
Plitany birikdermekligi gymyldamaýan birikdirme ýa-da maýyşgak birikdiriji şlangyň
kömegi bilen hereket edýän normalara laýyklykda ýerine ýetirmeli.
Eger-de tebigy gazyň basyşy mümkin bolan normadan ýokary geçýän bolsa
(25 mbar (2500 Pa)), onda geçiriji setde basyşy bellenen beýiklige çenli peseldýän
reduktor goýmaly.
125