Текст страницы
Birikdirmezden öň dolandyryş ruçkalarynyň nul derejä getirilendigini barlamaly.
Birikdirilenden soň gorelkalaryň işleýşini barlaň. Gorelkalaryň ody göni, bökmän
we arasy üzülmeýän bolmaly.
Şlanganyň kömegi bilen birikdirme.
Plitany birikdirilende we gurnalanda şu aşakdaky talaplar ýerine ýetirilmeli:
–
şlangyň uzynlygynyň hemme ýeri görünýän bolmaly;
–
şlang hiç zat bilen gysylmaly däl, güýçli egrelen bolmaly däl we süýndiriji güýçlere
duçar bolmadyk bolmaly;
–
şlangyň uzynlygy 1,5 metrden gysga bolmal däl;
–
eger-de şlangada zaýalanan ýeri bar bolsa onda abatlaýyş işlerini etmek gadagan,
ony dolulygyna çalyşmaly.
BIRIKMELERIŇ GERMETIKLIGINI BARLAMAK WE GAZ ÇYKÝAN ÝERLERI
OTLY ÇÖP ÝA-DA AÇYK OTLAR BILEN GÖZLEMEK GADAGAN!
ÜNS BERIŇ: PLITANY POTENSIALLARY DEŇLEMEK SISTEMASYNY
GURNAMAKLYGYŇ TALAPARYNA LAÝYK GELMEÝÄN BINALARDA GAZ
SETINE BIRIKDIRILENDE, ONDA ÝÖRITE IZOLÝASIÝA GOŞUNDYNY ÝA-DA
TOK GEÇIRMEÝÄN GAZ ŞLANGASYNY ULANMALY.
3 surat
Sete birikdirmek (ПГЭ 910 plitalary üçin)
Güýç simi 220-230 V (50 Hz) ulgama birikdirilmeli.
Enjam gurnalandan soň wilka we ulgam simi öçurmek mümkinçiligini üpjün etmek
üçin elýeterli bolmalydyr we gyzdyrylmaly däldir.
Rozetkanyň iş zolagyndan ýokarda bolan ýagdaýynda, enjamy ýerleşdirmäge
rugsat berilmeýär.
ÝATDA SAKLAŇ: PLITANY ÝERINDE GURNALANDAN SOŇ HÖKMANY
ÝAGDAÝDA MAÝYŞGAK ŞLANGANYŇ ÝERLEŞIŞINI, GAZYŇ WE
IÝMITLENDIRIJI ŞNURYŇ GEÇIRILIŞINI BARLAŇ. OLAR PLITANYŇ YZKY
DIWARYNA DEGLMELI DÄLDIRLER. PLITA IŞLÄN WAGTYNDA OL ÝERDE
ULY TEMPERATURA EMELE GELÝÄR WE BU OLARA ZYÝAN GETIRI BILER!
ÜNS BERIŇ! ILKINJI GEZEK ULANMAZDAN ÖŇ ÝARYM SAGADYŇ
DOWAMYNDA ELEKTRIK KONFORKALARY ÜSTÜNDE GAP GOÝMAN
MINIMAL KUWWATLYKDA (GEÇIRIJINIŇ RUÇKASYNYŇ ÝAGDAÝY –“1”)
GOÝUP GYZDYRMALY.
126