Инструкция парогенератор Philips PerfectCare Compact Plus GC7920/20

Страница 121 (стр. 121 из 138)

Бренд: Philips

Страница 121 документа Парогенератор Philips PerfectCare Compact Plus GC7920/20. Раздел: Парогенераторы. Бренд: Philips.

Текст страницы

123

Türkmençe

Awto-öçürmek

-
Energiýany tygşytlamak üçin enjamyňyz 5 minutlap ulanylmasa, garaşýan tertibe geçýär. Açýan/öçürýän
düwmäniň çyrasy ýanyp-öçüp başlaýar.
-
Enjamy gaýtadan işjeňleşdirmek üçin açýan/öçürýän düwmä ýa-da bug goýberiji düwmä basyň. Enjam
gaýtadan gyzyp başlaýar.
-
Enjam garaşýan tertibe geçeninden soň ýene 10 minutlap ulanylmasa, energiýany tygşytlamak üçin ol
awtomatik usulda öçýär. Açýan/öçürýän düwmäniň çyrasy öçýär.

Duýduryş: Elektrik toguna birikdirilen enjamy hiç haçan gözegçiliksiz galdyrmaň. Ulanyp
bolanyňyzdan soň elmydama enjamy tokdan aýryň.

Arassalamak we abatlamak

Smart Calc-Clean ulgamy

Kesmegi aýyrmagyň we arassaçylygyň yzygiderli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin enjamyňyz Smart
Calc-Clean ulgamy bilen işlenip düzülen. Bu enjamdan güýçli buguň öndürilmegini üpjün etmäge we
wagtyň geçmegi bilen ütügiň dabanyndan hapalaryň hem-de tegmilleriň çykmagynyň öňüni almaga
ýardam berýär. Arassaçylyk işiniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen enjam belli aralyklar bilen
ulanyja ýatladýar.

Sesli we çyraly Calc-Clean ýatladyjysy

1 - 3 aýlap ulanylanyndan soň Calc-Clean çyrasy ýanyp-öçüp başlaýar we enjam Calc-Clean işini ýerine
ýetirmelidigiňizi ýatlatmak üçin sesli duýduryş berip başlaýar (Şekil 14).
Mundan başga-da, enjamy çökündilerden goramagyň ikinji gorag ädimi hem ornaşdyrylan: çökündileri
aýyrmak ýerine ýetirilmese, bug funksiýasy işlemän galýar (Şekil 15). Çökündileri aýyrmak ýerine
ýetirileninden soň bug funksiýasy gaýtadan işläp başlaýar. Bu, ulanylýan suwuň görnüşine garamazdan
bolup geçýär.

Bellik: Çökündileri aýyrmak funksiýasyny islendik wagt, hatda sesli duýduryş we ýatladyjy çyra heniz
ýanmadyk bolsa hem ulanyp bolýar.

Calc-Clean gaby bilen çökündileri aýyrmagy ýerine ýetirmek

Duýduryş: Çökündiler arassalanýan wagty enjamy gözegçiliksiz galdyrmaň.

Seresap boluň: Elmydama Calc-Clean gaby bilen çökündileri aýyrmagy ýerine ýetiriň. Ütügi
çökündileri aýyrmakda ulanylýan gapdan ýokary götermek arkaly işiň arasyny bölmäň, ýogsam ütügiň
dabanyndan gyzgyn suw we bug çykar.

1 Suw gabyny ýarysyna çenli dolduryň.

Bellik: Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirilýärkä enjamyň toga dakylandygyna we IŞLEDILENDIGINE göz
ýetiriň.

2 Çökündileri aýyrmakda ulanylýan gaby ütük tagtasynyň üstünde ýa-da başga bir tekiz, durnukly ýerde

ýerleşdiriň.
3 Ütügi çökündileri aýyrmakda ulanylýan gabyň üstünde durnukly görnüşde ýerleşdiriň (Şekil 16).
4 Gysga sesli duýduryşlary eşidýänçäňiz CALC-CLEAN düwmesini 2 sekuntlap basyp saklaň (Şekil 17).

Bellik:Çökündileri aýyrmakda ulanylýan gap çökündiler aýrylýan wagty çykýan çökündi bölejiklerini
we gyzgyn suwy ýygnamaga niýetlenilen. Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirilýän wagty ütügi şu gabyň
üstünde goýmak bütinleý howpsuz bolup durýar.

5 Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirilýärkä gysga sesli duýduryşlary we nasosyň sesini eşidersiňiz (Şekil 18).
6 Enjamyň işi tamamlamagy üçin takmynan 2 minut garaşyň (Şekil 19). Calc-Clean tamamlananda ütük

sesli duýduryş bermegini bes edýär we CALC-CLEAN çyrasy ýanyp-öçmegini bes edýär.
7 Ütügi mata bilen süpüriň we ony öz esasynyň üstünde ýerleşdiriň (Şekil 20).

Seresap boluň: Ütük gyzgyn bolýar.

Оглавление

Бытовая техника / Техника для дома / Глаженье / Парогенераторы

Black+Decker BXSS2400E

56 стр.
Бытовая техника / Техника для дома / Глаженье / Парогенераторы

Black+Decker BXSS2400E

56 стр.
Бытовая техника / Техника для дома / Глаженье / Парогенераторы

Zelmer ZIS2415

76 стр.