Текст страницы
107
Türkmençe
10 Pyçaklaryň üstünden tutmaň/olara degmäň. Pyçaklary enjama dakyň.
11 Gapagy enjama dakyň we sagadyň diliniň ugruna towlap berkidiň.
12 Önümiň hyzmat ömri tamamlanandan soň ony adaty hojalyk zibilleri bilen
zyňmaň, eýsem gaýtadan işlemek üçin resmi taýdan ýygnalýan ýere tabşyryň.
Şeýtmek bilen daşky gurşawy goramaga ýardam berýärsiňiz.
13 Elektrikli we elektron önümleri aýratyn ýygnamak boýunça öz ýurduňyzyň
düzgünlerini berjaý ediň. Dogry görnüşde zibile zyňmaklyk daşky gurşawa we
adamyň saglygyna ýaramaz täsir ýetirýän netijeleriň öňüni almaga ýardam
berýär.
Näsazlyklary anyklaýyş
Bu bölümde enjamda öňüňize çykyp biljek umumy meseleler barada gysgaça
maglumat berilýär. Aşakda berlen maglumatlar bilen meseläni çözüp bilmeseňiz,
köp soralýan soraglaryň sanawyny görmek üçin www.philips.com/support
salgysyna giriň ýa-da ýurduňyzdaky Müşderiler bilen işleşmek boýunça merkeze
ýüz tutuň.
Näsazlyk
Ähtimal sebäbi
Çözgüt
Enjam toplanan gyllary aýyrmaýar.
Enjamyň içinde gyllar toplanypdyr.
“Enjamy ulanmak” bölümindäki
5-11 ädimlere eýermek arkaly
enjamy arassalaň.