Текст страницы
492 Türkmençe
6
Suw üpjünçilik şlangasyny onuň saklanýan bölüminden çykaryň.
7
Bug berip başlamak üçin bug goýberiji düwmäni basyp saklaň.
Bellik: Her gezek işledip başlanylanda ütükden suw damýan bolup biler.
Ütüklemezden öňürti eşikde tegmil galmagynyň öňüni almak üçin bug goýberiji
düwmäni 10 sekuntlap basyp duruň.
Bellik: Ütükläp başlanyňyzda, esasanam bug goýberijini birinji gezek
ulananyňyzda enjamdan buguň çykyp başlamagy üçin 30 sekuntdan köp wagt
gerek bolup biler.
Bellik: Her gezek bug goýberiji düwmäni basanyňyzda nasos işjeňleşýär. Ol çalaja
ses çykarýar. Suw gabynda suw ýok wagty nasosdan has gaty ses çykýar.
Duýduryş: Bugy hiç haçan adamlara gönükdirmäň.
Dikligine ütüklemek
Asylgy duran matalardan ýygyrtlary aýyrmak üçin bugly ütügi dik ýagdaýda
ulanyp bilersiňiz.
1
Ütügi dik saklaň, bug goýberiji düwmä basyň we ütügiň dabanyny geýime
çalaja degriň we ütügi ýokaryk-aşak süýşüriň.
Duýduryş: Ütükden gyzgyn bug çykýar. Hiç haçan biriniň geýip
ýören geýimindäki ýygyrtlary aýyrmaga synanyşmaň. Özüňiziň ýa-
da başgasynyň eliniň golaýynda enjamdan bug çykartmaň.