Инструкция электрическая зубная щетка Philips HX3651/11

Tanyşdyryş (стр. 434 из 646)

Бренд: Philips

Страница 434 документа Электрическая зубная щетка Philips HX3651/11. Раздел: Электрические зубные щетки. Бренд: Philips.

Текст страницы

434
Türkmençe

Tanyşdyryş

Alan harydyňyz nesip etsin, Philips-e hoş geldiňiz! Philips-
iň hödürleýän goldawyndan doly peýdalanmak üçin,
önümiňizi www.philips.com/welcome salgysynda
bellige alyň.

Möhüm howpsuzlyk maglumaty

Bu önümi diňe onuň niýetlenilýän maksady üçin ulanyň.
Önümi we onuň batareýalaryny hem-de esbaplaryny
ulanmazdan ozal, şu möhüm maglumaty üns bilen okaň
hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap goýuň. Nädogry
ulanmak howplara ýa-da agyr şikeslere eltip bilýär.

DUÝDURYŞLAR
-
Zarýadnikleri suwdan uzakda saklaň.
-
Arassalanyňyzdan soň adapterleri, zarýad berijileri we syýahat çehollaryny
birikdirmezden ozal olaryň doly gurandygyna göz ýetiriň.
-
Enjamy çagalar, şeýle hem enjamy howpsuz görnüşde ulanmak boýunça
gözükdirijiler berlen ýa-da howpsuz ulanmak boýunça gözegçilik astyndaky
we degişli howplar özlerine mälim edilen ýagdaýynda fiziki, duýgurlyk ýa-
da zehin ukyplary pes ýa-da tejribesi we bilimi bolmadyk şahslar hem
ulanyp biler. Çagalar gözegçilik astynda däl wagty enjamda arassaçylyk we
ulanyjy tarapyndan geçirilmäge degişli abatlaýyş işlerini geçirmeli däl.
-
Çagalaryň önüm bilen oýnamazlygyny üpjün etmek üçin olary gözegçilikde
saklamaly.
-
Diňe hakyky Philips esbaplaryny ýa-da sarp ediş materiallaryny ulanyň. Eger
berlen bolsa, diňe original USB kabelini we USB tok üpjünçilik bloguny
ulanyň.
-
Bu enjamda ulanyjynyň tehniki hyzmat edip biljek şaýlary ýokdur. Eger
enjama zeper ýetse, ony ulanmagy bes ediň we ýurduňyzdaky (ser. “Kepillik
we goldaw”) Müşderi goldawy merkezine ýüz tutuň.
-
USB kabele ýa-da USB tok üpjünçilik enjamyna zeper ýeten bolsa, ony
ulanmagy bes ediň.
-
Zarýadnikleri daşarda ýa-da gyzgyn üstleriň golaýynda ulanmaň.
-
Önümiň hiç bir bölegini gap-gaç ýuwujyda arassalamaň.
-
Bu enjam diňe dişleri, diş etini we dili arassalamak üçin dizaýn edilendir.
-
Gyllary mynjyran ýa-da eplenen çotga nasadkasyny ulanmagy bes ediň.
Nasadkany her 3 aýdan ýa-da könelme alamatlary ýüze çyksa, ondan hem ir
çalşyryň.
-
Düzüminde efir ýaglary ýa-da kokos ýagy bar bolan önümler bilen gönümel
galtaşdyrmaň. Galtaşma gyllaryň gopmagyna eltip biler.

Türkmençe

Оглавление

Красота и здоровье / Уход за полостью рта / Электрические зубные щетки

GEOZON KIDS AIR

1 стр.
Красота и здоровье / Уход за полостью рта / Электрические зубные щетки

GEOZON KIDS AIR

1 стр.
Красота и здоровье / Уход за полостью рта / Электрические зубные щетки

Ordo Sonic+ SP2000

2 стр.