Текст страницы
448
Türkmençe
Batareýleri elläniňizde elleriňiziň, önümiň we
batareýleriň gurudygyna göz ýetiriň.
Batareýler aýrylanyndan soň olarda tötänleýin
gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň öňüni almak
üçin batareýiň klemmalarynyň metal närselere
(mysal üçin, teňňeler, saç tokalary, ýüzükler)
galtaşmagyna ýol bermäň. Batareýleriň daşyna
alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile
zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşýän
plýonka ýelmäň ýa-da batareýleri plastik haltajyga
salyň.
Zarýad berilýän batareýany aýyrmak
Batareýany aýyrmazdan öň, onuň doly çökendigini
anyklaň.
Zarýad berilýän batareýany aýyrmak üçin, size polotense
ýa-da mata, çekiç we ýasy (standart) towlaýjy gerek.
1
Batareýanyň islendik zarýadyny boşatmak üçin,
tutawajy zarýadnikden aýryp, Philips Sonicare-i açyň
we ony durýança işlediň. Şu ädimi Philips Sonicare-i
işledip bolmajak derejä çenli gaýtalaň.
2
Nasadkany aýryp zyňyň. Bütin tutawajy polotense ýa-
da mata bilen ýapyň.
1
2
3
Tutawajyň ýokarky bölegini bir elde saklap, tutawajyň
korpusynyň aşaky ujundan 1,27 sm ýokarsyny uruň.
Uçky gapajygy çykarmak üçin, çekiç bilen 4
tarapyndan dözümli uruň.
Bellik: Içerki ilgiçleri döwmek üçin, tutawajyň ujuny
birnäçe gezek urmaly bolmagyňyz mümkin.