Текст страницы
444
Türkmençe
-
Pes-orta-ýokary üç sany ton eşidilse, ol EasyStart
aýratynlygynyň işjeňleşendigini aňladýar. Işjeňleşmäni
tassyklamak üçin, zarýad derejesi görkezijisiniň çyrasy
hem 2 gezek ýaşyl reňkde ýanyp söner.
-
Ýokary-orta-pes üç sany ton eşidilse, ol EasyStart
aýratynlygynyň deaktiwirlenendigini aňladýar.
Deaktiwirlenmäni tassyklamak üçin, zarýad derejesi
görkezijisiniň çyrasy hem 1 gezek sary reňkde ýanyp
söner.
Bellik: Kliniki netijeliligi gazanmak üçin, EasyStart-y
deaktiwirlemek gerek.
Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş
Bellik: Nasadkany çalşyrmagy ýatladyşy diňe akylly
nasadka tutawaja dakylgy wagty işjeňleşdirip ýa-da
deaktiwirläp bilersiňiz.
Bellik: Täze akylly nasadkalar nasadkany çalşyrmagy
ýatladyş aýratynlygy işjeňleşdirilgi görnüşde gelýär.
1
Tutawajy toga dakylgy zarýadnigiň üstünde goýuň.
2
Tutawaç zarýadnikde durka, aç/öçür düwmesini
basyp saklaň.
3
Yzly-yzyna iki gysgajyk bipleme (5 sekunt soň)
eşidýänçäňiz aç/öçür düwmesini basyp saklaň.
4
Aç/öçür düwmesini goýberiň.
-
Pes-orta-ýokary üç sany ton eşidilse, ol nasadkany
çalşyrmagy ýatladyş aýratynlygynyň işjeňleşendigini
aňladýar. Işjeňleşmäni tassyklamak üçin, zarýad
derejesi görkezijisiniň çyrasy hem 2 gezek ýaşyl reňkde
ýanyp söner.
-
Ýokary-orta-pes üç sany ton eşidilse, ol nasadkany
çalşyrmagy ýatladyş aýratynlygynyň
deaktiwirlenendigini aňladýar. Deaktiwirlenmäni
tassyklamak üçin, zarýad derejesi görkezijisiniň çyrasy
hem 1 gezek sary reňkde ýanyp söner.
Basyş sensory
1
Tutawajy toga dakylgy zarýadnigiň üstünde goýuň.
2
Tutawaç zarýadnikde durka, aç/öçür düwmesini
basyp saklaň.