Текст страницы
438
Türkmençe
Ulanmaga başlamak
Nasadkany dakmak
1
Gyllar tutawajyň öň tarapy bilen bir ugra seredip
durar ýaly edip, nasadkany deňläň.
2
Nasadkany metal walyň üstüne ol baryp durýança
berk basyň.
Bellik: Nasadka bilen tutawajyň arasynda çalaja boşluk
görmek adaty ýagdaýdyr. Ol nasadkanyň talabalaýyk
titremegine mümkinçilik berýär.
Philips Sonicare-iňize zarýad bermek
1
USB zarýad beriş şnuruny rozetka birikdirilgi diwar
adapterine dakyň.
2
Tutawajy zarýadnige ýerleşdiriň.
-
Zarýad derejesi görkezijisiniň çyrasy ýagtylýar we
tutawaç iki gezek bipleýär. Ol diş çotgasynyň
zarýad alyp durandygyny görkezýär.
Bellik: Batareýa doly zarýad bermek 24 sagada çenli çekip
biler, ýöne Philips Sonicare diş çotgasyny doly zarýad
almanka-da ulanyp bilersiňiz.
Philips Sonicare diş çotgaňyzy ulanmak
Eger Sonicare diş çotgaňyzy birinji gezek ulanýan
bolsaňyz, elektriksiz diş çotgasyny ulanýan
wagtyňyzdakydan has köp titreme duýsaňyz, ol adaty
ýagdaýdyr. Ilkinji gezek ulanýanlaryň gaty basyp
ulanmagy adaty ýagdaýdyr. Diňe çalaja basyş ediň we diş
çotgasynyň özüniň çotgalamagyna ýol beriň. Iň gowy
tejribe üçin, aşakdaky diş çotgalama görkezmelerini
berjaý ediň. Täze Sonicare elektrikli diş çotgaňyza
geçmäge kömek etmek üçin, onda EasyStart aýratynlygy
işledilgi gelýär. Bu aýratynlyk Philips Sonicare diş çotgasy
bilen çotgalamaga uýgunlaşmagyňyza kömek etmek