Текст страницы
440
Türkmençe
7
Çotgalamagyň bir döwresini gutaranyňyzdan soň,
dişleriň çeýneýän we tegmil emele gelýän ýerlerini
çotgalamak üçin goşmaça wagt sarp edip bilersiňiz.
Eger isleseňiz, diş çotgasyny işledip ýa-da öçürip,
diliňizi hem çotgalap bilersiňiz.
Philips Sonicare diş çotgaňyz ortodontik skobaly
dikeldişlerde (nasadka skobada ulanylanda çalt
könelýär) we diş dikeldişlerinde (plombalar, täçler,
winirler) ulanmaga howpsuzdyr. Eger problema ýüze
çyksa, onda diş lukmanyna ýüz tutuň.
Bellik: Philips Sonicare diş çotgasy kliniki barlaglarda
ulanylanda, tutawaja doly zarýad berlen bolmalydyr we
EasyStart aýratynlygy deaktiwirlenen bolmalydyr.
Zarýad beriş we batareýa ýagdaýy
1
USB zarýad beriş şnuruny diwar adapterine dakyp,
diwar adapterini diwardaky rozetka dakyň.
2
Tutawajy zarýadnige ýerleşdiriň.
Bellik: Tutawaç 2 gezek gysga bipleme sesini çykaryp,
tutawajyň zarýadnige dogry goýlandygyny we zarýad
alyp durandygyny tassyklaýar.
Bellik: Bu Philips Sonicare diş çotgasy azyndan 28 sany
çotgalama seansy üçin niýetlenilmek bilen, her seans 2
minuta çekýär (eger günde iki gezek ulanylsa, 14 gün).
Zarýad derejesi görkezijisi 2 minutlyk çotgalama seansy
gutaranda, tutawajy sägindireniňizde ýa-da ol zarýad
alyp durka batareýa ýagdaýyny görkezýär.
Batareýa ýagdaýy (tutawaç işläp duran zarýadnigiň üstünde
wagty)
Batareýa ýagdaýy
Batareýa görkezijisi
Doly
Ýanyp duran ýaşyl (30 sekuntdan
sönýär)
Zarýad alýar
Ýanyp sönýän ýaşyl