Текст страницы
445
Türkmençe
3
Yzly-yzyna üç gysgajyk bipleme (7 sekunt soň)
eşidýänçäňiz aç/öçür düwmesini basyp saklaň.
4
Aç/öçür düwmesini goýberiň.
-
Pes-orta-ýokary üç sany ton eşidilse, ol basyş sensory
aýratynlygynyň işjeňleşendigini aňladýar. Işjeňleşmäni
tassyklamak üçin, zarýad derejesi görkezijisiniň çyrasy
hem 2 gezek ýaşyl reňkde ýanyp söner.
-
Ýokary-orta-pes üç sany ton eşidilse, ol basyş sensory
aýratynlygynyň deaktiwirlenendigini aňladýar.
Deaktiwirlenmäni tassyklamak üçin, zarýad derejesi
görkezijisiniň çyrasy hem 1 gezek sary reňkde ýanyp
söner.
Eger üç sany gysga biplemeden soň aç/öçür düwmesini
basmaga dowam etseňiz, işjeňleşdirme/deaktiwirleme
yzygiderligi gaýtalanar.
Arassalamak
Diş pastasyny we beýleki galyndylary aýyrmak üçin,
Philips Sonicare diş çotgaňyzy wagtly-wagtyna
arassalamagyňyz gerek. Philips Sonicare diş çotgaňyzy
arassalamasaňyz, önümiň gigiýenik bolmazlygy we oňa
zeper ýetmekligi mümkindir.
Duýduryş: Önümi ýa-da esbaplary ýiti zatlar bilen
ýa-da gap-gaç ýuwujyda, mikrotolkunda, himiki
serişdeler bilen ýa-da gaýnap duran suwda
arassalamaň
Diş çotgasynyň tutawajy
1
Nasadkany aýryň we metal wally ýeri ýyly suw bilen
ýuwup durlaň. Hiç hili diş pasta galyndysyny goýman
aýryň.
Seresap boluň: Metal waldaky rezin dykyzlandyryjyny
ýiti zatlar bilen arassalamaň, sebäbi ol zeper ýetirip
biler.
2
Tutawajyň tutuş ýüzüni çygly mata bilen süpüriň.
Bellik: Artykmaç suwuny aýyrjak bolup, tutawajy
rakowina kakmaň.