Текст страницы
449
Türkmençe
4
Uçky gapajygy diş çotgasynyň tutawajyndan aýryň.
Eger uçky gapajyk koprusdan ýeňillik bilen sypmasa,
tä uçky gapajyk sypýança ädim 3-i gaýtalaň.
5
Tutawajy başaşak saklap, waly gaty üste basyň. Eger
içerki komponentler koprusdan ýeňillik bilen sypmasa,
tä içerki komponentler sypýança ädim 3-i gaýtalaň.
6
Batareýa bilen içerki komponentleriň aşagyndaky ak
çarçuwanyň arasyna towlaýjyny sokuň. Soňra
batareýany towlaýjy arkaly galdyryp, ak çarçuwanyň
aşagyny döwüň.
7
Towlaýjyny batareýanyň aşagy bilen ak çarçuwanyň
arasyna sokup, batareýany ýaşyl çap edilgi plata
birikdirýän metal berkidijini döwüň. Ol batareýany
çarçuwanyň aşaky ujundan sypdyrar.
8
Batareýany tutup, içerki komponentlerden çekip aýryň
we ikinji metal batareýa berkidijisini döwüň.
Seresap boluň: Barmaklaryňyza şikes ýetmez ýaly,
batareýa berkidijileriniň ýiti gyralaryndan häzir
boluň.
9
Batareýada galan zarýad bilen gysga utgaşma bolmaz
ýaly, batareýanyň kontaktlaryny lenta bilen ýapyň.
Zarýad berilýän batareýa indi utilizasiýa berilmäge,
önümiň galan bölekleri bolsa, talabalaýyk
zyňylmaklyga taýýardyr.